Owganystanyň demirgazygynda harby dik uçar ýere gaçdy

Wakada 7 adam ýogaldy

585803
Owganystanyň demirgazygynda harby dik uçar ýere gaçdy

Owganystanyň demirgazgyndaky Baglan welaýatynda MI-17 kysymly dik uçaryň ýere gaçmagy netijesinde 7 adam ýogaldy.

Owganystanyň Goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi Dewlet Weziri 2 sany dik uçaryň Baglan welaýatynyň Kurgan Depe sebitindäki harby bölüme goldaw bermek üçin gidendigini, dik uçarlaryň biriniň howadaka tehniki näsazlyk sebäpli ýanmaga başlandygyny we birnäçe wagt soň gaçandygyny habar berdi.

Hadysada dik uçardaky 3-si esger bolan 7 adamyň ýogalandygyny bellän Weziri sebitde terror guramasynyň täsiriniň ýokdugyny mälim etdi.

Talibanyň metbugat geňeşçisi Zabihullah Müjahit bolsa dik uçary özleriniň od açyp ýere gaçyrandyklaryny öňe sürdi.



Degişli Habarlar