BMG-niň başlyklygyna Antonio Guterresiň saýlanmagyna garaşylýar

Mesele BMG-niň Howpsyzlyk Geneşiniň maslahatynda-da seljerildi

583984
BMG-niň başlyklygyna Antonio Guterresiň saýlanmagyna garaşylýar

Ýylyň ahyrynda iş möhleti tamamlanjak BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Munuň ýerine BMG-niň Ýokary komissary, Portugaliýanyň ozalky premýer ministri Guterresiň saýlanmagyna garaşylýar.

BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşiniň ýapyk häsýetde geçirilen maslahatynda 10 dalaşgär üçin geçirilen altynjy sese goýulşykda weto ygtyýaryna eýe bolan hemişelik agzalardan ABŞ, Russiýa, Hytaý, Britaniýa we Fransiýa Guterrese garşylyk görkezmedi.

Penşenbe güni BMG-niň Baş Assambleýasynda geçiriljek resmi sese goýulşykda Antonio Guterresiň baş sekretarlyga saýlanmagyna garaşylýar.

Täze täze Baş sekretary 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda wezipesine başlar.

Pan Gi Munuň iş möhleti 31-nji dekabrda tamamlanar. Pan Gi Mun bäş ýyldan iki gezek, jemi 10 ýyl Baş sekretarlyk wezipesini ýerine ýetirdi.



Degişli Habarlar