Pakistanda 5,5 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Ýer titremesi ýeriň 12 kilometr aşagynda boldy

580807
Pakistanda 5,5 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Pakistanyň demirgazygynda 5,5 bal ululygynda ýer titremesi boldy.

Pakistanyň Metralogiýa gulllugynyň başlygy Zahid Rafi mesele hakynda beren beýanatynda paýtagt Yslamabadyň 300 kilometr demirgazygyndaky Patan etrapçasynda ýer titremesiniň bolandygyny mälim etdi.

Rafi ýer titremesiniň ýeriň 12 kilometr aşagynda bolandygyny belledi.

Ýer titremesinde ölen ýiteniň bolup bolmandygy hakynda bolsa maglumat berilmedi.

 


Etiketkalar: #ýer titremesi , #Pakistan

Degişli Habarlar