“ABŞ we Russiýa Siriýada gizlin ylalaşyp Eýranyň bähbitlerine äsgermezçilik edip biler”
Eýranyň dini lideri Aýetullah Ali Hamaneýiň Baş maslahatçysy general Ýahýa Rahim Safewi ABŞ-nyň we Russiýanyň Siriýada gizlin ylalaşyp, Eýranyň bähbitlerine äsgermezçilik edip biljekdiklerini öňe sürdi
576767
Döwlet telewideniýesindäki gepleşikleriň birinde çykyş eden Safewi: “ABŞ bilen Russiýanyň arasyndaky bar bolan mehanizma ruslaryň aldanmajakdygyny umyt edýärin” diýdi.
ABŞ-nyň bähbitleriniň has köp öňe çykmagyna ýa-da Eýranyň bähbitleriniň äsgermeçilik edilmejekdigine ynanýandyklaryny bellän Safewi syýasatda ynam sözüniň bolmandygyny mälim etdi.
Safewi: “Eýran iki uly güýç bolan ABŞ-nyň we Russiýanyň Siriýada gizlin ylalaşyk gazanyp, Eýranyň bähbitlerini we bölegini äsgermezçilik edilmezligi üçin ünsli bolmalydyr” diýdi.