Amerikan hökümetiniň PÝD-ä has köp ýarag berjekdigi öňe sürülýär

Amerikaly resmiler bolsa meýilnamanyň entek ýokary derejede ara alynyp maslahatlaşylmadygyny belleýärler

575172
Amerikan hökümetiniň PÝD-ä has köp ýarag berjekdigi öňe sürülýär

 

Amerikan hökümetiniň aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky şahasy PÝD-a aralarynda uçaga we taňka garşy ulanylýan raketalar hem bolan ençeme ýaragy bermäge taýarlyk görýändigi öňe sürülýär

ABŞ-nyň tanymal gazetleriniň biri bolan New York Times gazedinde berilýän habara görä ýurduň Prezidenti Barak Obama Milli howpsyzlyk geňeşine terror guramasy DAEŞ-e garşy göreşiň çaltlandyrylmagy we onuň üçin PÝD-ä has köp ýarag berilmegi barada buyruk berdi.

Gazetde berilýän habara görä Prezidentlik wezipesi tamamlanmazan ozal Rakka şäheriniň DAEŞ-den yzyna alynmagyny isleýän Obamanyň Türkiýe bilen gatnaşyklaryň deňagramlaşdyrylmaga synanşylýan mahaly beren bu buýrugy ýaňadandan dargtynlyga sebäp boljakdygy mynasyny berýär.

Amerikaly resmiler bolsa meýilnamanyň entek ýokary derejede ara alynyp maslahatlaşylmadygyny belleýärler.



Degişli Habarlar