Hoşýar Zebari wezipesinden boşadyldy

158 halk deputaty Zebariniň wezipesinden boşadylmagy üçin “kabul” sesini berdi

574561
Hoşýar Zebari wezipesinden boşadyldy

Yragyň Parlamenti galplyk etmek bilen aýyplanýan Maliýe ministri Hoşýar Zebarini wezipesinden boşatdy.

Yragyň Parlamentinde Maliýe ministri Zebariniň wezipesinden boşadylmagy üçin geçirlen sese goýulşyga 249 halk deputaty gatnaşdy.

158 halk deputaty Zebariniň wezipesinden boşadylmagy üçin “kabul” sesini berdi.

14 halk deputaty bolsa ses bermekden saklandy.

 


Etiketkalar: #Yrak , #wezipe , #boşadyldy

Degişli Habarlar