Siriýada içerki söweş ýaňadandan başlady

Siriýanyň Ýaragly güýçleri 12-nji sentýabrda baglaşylan od açmazlyk baradaky ylalaşygyň tamamlanandygyny mälim etdi

573521
Siriýada içerki söweş ýaňadandan başlady

Siriýanyň Ýaragly güýçleriniň ýurduň resmi habarlar gullugy SANA beren beýanatynda Gurban baýramynda çaknyşyklaryň bes edilmegi barada ABŞ-nyň we Russiýanyň arasynda baglaşylan ylalaşygyň tamam bolandygy habar berildi.

Ylalaşygyň ganyň akmagynyň durmagy üçin bir pursatdygy bellenen beýanatda ýaragly toparlaryň ylalaşygyň maddalaryna sadyk galmandygy öňe sürüldi.

Oppozisionerleriň bu etapda 300 gezek düzgün bozandygy aýdylýan beýanatda Asada bagly güýçleriň bolsa şolara jogap bermäge mejbur galandygy habar berilýär.

Siriýaly oppozisionerler bolsa ABŞ bilen Russiýanyň arasynda baglaşylan ylalaşyk bilen baglanşykly beren beýanatynda Asada tabynlykdaky güýçler asuda ilaty nyşana alyp ýüzlerçe gezek hüjüm gurandygy mälim edildi.

Oppozisionerler tarapyndan berilen beýanatda 254 gezek hüjüm guran Asada bagly güýçleriň öz hüjümlerinde harby uçarlary, barrel bombasy bilen hüjüm guraýan dik uçarlary we toplary ulanandygy nygtaldy.

Beýleki tarapdan bolsa adamlaryň ynsanperwer kömege garaşmaklary dowam edýär.

Asada bagly güýçler ABŞ we Russiýa tarapyndan baglaşylan ylalaşygyň çäginde asuda ilata ýetirilmegi meýilleşdirilen ynsanperwer kömegiň öňüni almagyny dowam etdirýär.



Degişli Habarlar