Parižde ýene-de bir terrorçylykly hüjüm guralmak meýilleşdirilýärdi

Waka bilen baglanşykly 7 adam göz tussaglygyna alyndy

568594
Parižde ýene-de bir terrorçylykly hüjüm guralmak meýilleşdirilýärdi

Fransiýanyň Içeri işler ministri Bernard Kazeneuwe paýtagt Parižde içinde gaz balonlary bolandygy üçin ele geçirilen ulag bilen baglanşykly tussag edilen 3 zenanyň Parižiň otly bekedinde hüjüm guramagy meýilleşdirendiklerini mälim etdi

Içeri işler ministri Bernard Kazeneuwe waka bilen baglanşykly jemi 7 adamyň göz tussaglygyna alynandygyny habar berdi.

6 sanysy doly 7 gaz balon ýüklenen ulag geçen hepdäniň şenbe güni ele salynypdy we waka bilen baglanşykly derňew işi başladylypdy.

Polisiýa gullugy ulagda otlaýjynyň tapylmandygyny, emma içi mazutdan doly 3 sany balon tapylandygyny nygtady.

Waka ýanwar aýyndan bäri terrorçylykly hüjümlerde 230 adam ýogalan Fransiýada gorky döretdi.



Degişli Habarlar