"Türkiýe esasy hyzmatdaşymyz"

Obama Prezident Erdogan bilen boljak duşuşygynyň öňüsyrasynda möhüm beýanat berdi

564441
"Türkiýe esasy hyzmatdaşymyz"

G-20-a agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň maslahatyna gatnaşmak üçin Hytaýa baran ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama Prezident R. T. Erdogan bilen boljak duşuşygynyň öňüsyrasynda möhüm beýanat berdi.

Prezident Barak Obama duşuşygyň öňüsyrasynda CNN telewideniýe kanalyna beren beýanatynda Türkiýäniň esasy hyzmatdaşdygyny nygtady.

Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasynda howpsyzlyk taýdan edilýän gatnaşyklaryň kadaly dowam edýändigini aýdan Prezident Obama, Türkiýäniň terror guramasy DAIŞ-e garşy göreşde hem esasy hyzmatdaşdygyna ünsi çekdi.

Türkiýede 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygynda başdan geçirlenleri “ýer titremesi” hökmünde häsiýetlendiren Obama, türk hökümetiniň synanşykdan soň ýurdy täzeden gurmalydygyny we şol etapda ýurdunyň Türkiýä goldaw bermek isleýändigini ýatlatdy.

Prezident Erdogan bilen Obama ertir G-20-niň çäginde Hytaýda duşuşar.

 



Degişli Habarlar