DAİŞ-iň ýokary derejeli ýolbaşçysy Halapda öldi

Terror guramasy DAİŞ-iň metbugat sekretary Abu Muhammed Al Adnani Siriýanyň Halap şäherinde öldi

562408
DAİŞ-iň ýokary derejeli ýolbaşçysy Halapda öldi

Adnaniniň ölüm habaryny gurama ýakynlygy bilen tanalýan “Amak” habarlar gullugy berdi.

Habarlar gullugy terrorçynyň “Guşuny yzyna serpikdirmek üçin alynyp barylýan operasiýalar bilen ýerinde tanyşmak üçin” Halaba barandygyny beýan etdi.

Amerikanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda bolsa harby uçarlaryň Al Adnanini nyşana alandygyny habar beren hem bolsa, terrorçynyň öldürilip-öldürilmänligi barada maglumat berilmedi.

Hakyky ady Taha Subhi Fallaha bolan 39 ýaşly Abu Muhammed Al Adnani DAİŞ-iň lideri Abubakyr Al Bagdada ýakynlygy bilen tanalýardy.

Al Adnaninin soňky gezek maý aýynda musulmanlary günbatar ýurtlarynda hüjüm guramaga çagyran ses ýazgysy ýaýradylypdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretarlygy 2015-nji ýylyň 5-nji maýynda terror guramasynyň Siriýadaky belli liderleriniň hatarynda orun alan Adnaniniň ele salynmagy üçin maglumat berenlere 5 million dollar baýrak berjekdigini beýan edipdi.

Siriýanyň esasy şäherlerinden biri bolan Halap 3 ýyla golaý wagt bäri oppozisionerler bilen hökümete degişli güýçleriň gözegçiliginde.


Etiketkalar: #DAİŞ , #terrorçy , #öldi , #Halap , #Siriýa

Degişli Habarlar