Kerri bilen Lawrow Siriýa meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin Ženewada duşuşdy

Kerri “Dostumyz Türkiýäniň ynjyklygyna düşünýäris” diýdi

560225
Kerri bilen Lawrow Siriýa meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin Ženewada duşuşdy

Ženewadaky duşuşykdan soň metbugata beýanat beren ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Siriýada çaknyşyklaryň bes edilmegi hakyndaky ylalaşygyň dowam etdirilmegi, Halap şäherinde halka ynsanperwer kömeginiň berilmegi we Siriýa meselesiniň çözülmegi üçin taraplaryň ýaňadandan gepleşik geçirmegi ýaly meselelerde Russiýa bilen umuman alnanda ylalaşyk gazanylandygyny emma käbir meseleleriň çözülmelidigini aýtdy.

Jarablusdaky Ýefrat Galkany operasiýasy hakynda hem durup geçen Kerri, Siriýanyň bitewiligine uly ähmiýet berýändiklerini nygtady.

Käbir kürt toparlar bilen çäkli hyzmatdaşlyk edýändiklerini aýdan Kerri “Dostumyz Türkiýäniň ynjyklygyna düşünýäris” diýdi.

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow hem resmi Waşington bilen birnäçe mesele boýunça ylalaşyk gazanandyklaryny aýtdy.

Lawrow Russiýanyň resmi Damask bilen, Amerikanyň hem oppozisionerler bilen işleşjekdigini ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar