Italiýada bolan ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 267 adama ýetdi

Ýer titremesinde 400-e golaý adam hem ýaralandy

559608
Italiýada bolan ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 267 adama ýetdi

Italiýada bolan we 20 sekunt dowam eden 6,2 bal ululygyndaky ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 267 adama ýetdi.

Ýer titremesinde 400-e golaý adam hem ýaralandy.

Ýaralananlaryň sanynyň köplügi sebäpli ýogalanlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýär.

Gözleg we halas ediş işleri düýn gije hem dowam etdi.

Ýer titremesinden soň kiçi sarsgynlar henizem dowam edýär.

Premýer ministr Mattero Renzi ýer titremesi sebäpli ýitgi çeken maşgalara kömek beriljekdigini aýtdy.

 



Degişli Habarlar