BMG terrorçylykly hüjümleri ýazgardy

BMG-nyň Howpsyzlyk Geňeşi Gaziantep welaýatyndaky terrorçylykly hüjüm bilen terror guramasy PKK-nyň geçen hepde käbir şäherlerde polis müdirliklerine guran hüjümlerini ýazgardy

557305
BMG terrorçylykly hüjümleri ýazgardy

Geňeşde ähli agzalaryň tassyklamagy bilen kabul edilen metbugat beýannamasynda Gaziantep welaýatyndaky toý dabarasynda “pespällik we namartlyk” bilen guralan terrorçylykly hüjümiň berk ýazgarylýandygy nygtalýar.

Jarnamada geçen hepde Türkiýäniň käbir şäherlerinde guralan we köp sanly polis gullukçysynyň hem-de asuda ilatdan adam pidalarynyň çekilmegine sebäp bolan terrorçylykly hüjümler hem ýazgaryldy. Emma tekstde terror guramasy PKK-nyň ady agzalmady.

Hüjümlerde pida bolanlaryň hossarlary bilen türk halkyna we hökümetine duýgudaşlyk bildirilen beýannamada, terrorçylygyň ähli görnüşleriniň halkara parahatçylygyna we howpsyzlyga esasy wehimi emele getirýändigi nygtalýar.

Jarnamada hüjümleriň jogapkärleriniň jenaýat jogapkärçiligine çekilmeginiň ähmiýeti barada nygtalyp, ähli agza ýurtlara bu meselede türk hökümeti bilen hyzmatdaşlyk etmekleri üçin çagyryş berildi.



Degişli Habarlar