Gaziantepde 50 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan hüjüme dünýä liderleri reaksiýa bildirýärler

Gaziantep şäherinde düýn agşam bolan toý dabaralarynyň birinde guralan hyýanatçylykly hüjümde 50 adam ýogaldy

556233
Gaziantepde 50 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan hüjüme dünýä liderleri reaksiýa bildirýärler

Gaziantepde 50 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan hüjüme dünýä liderleri reaksiýa bildirýärler

Gaziantep şäherinde düýn agşam bolan toý dabaralarynyň birinde guralan hyýanatçylykly hüjümde 50 adam ýogalypdy

Gaziantepde 50 adamyň ýogalmagy we 74 adamyň ýaralanmagy bilen baglanşykly dünýäde liderleri ýazgarýarlar we gynanç bildirýärler.

DKTR-nyň Prezidenti Mustafa Akynjy hyýanatçylykly hüjümi ýazgardy.

Akynjy ýüzlenmesinde adamzada bap gelmeýän hereketiň maksadynyň Türkiýäniň haosa we durnuksyzlyga eltmekdigini belläp: “DKTR-nyň halky bu gussaly günde Türkiýäniň halkyna goldaw berýändigini aýtmak isleýärin. Bu hyýanatçylykly hüjümde ýogalan adamlara rehnet, şikes ýetenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileýärin” diýdi.

ABŞ-nyň Türkiýedäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Jon Bass Gaziantepdäki hüjümi ýazgardy.

Bassyň ABŞ-nyň Türkiýedäki ilçihanasynyň Twitter hasabyndan: “Düýn agşam Gaziantepde guralan we asuda ilaty nyşana alynan wagşyçylykly hüjümi ýazgarýarys. Hyzmatdaşymyz Tükiýäniň ýanyndadyrys, umumy terror howpyny ortadan aýyrmak üçin bilelikde giň-gerimli iş alyp barjakdygymyzy siza ynandyrýarys” diýip mälim etdi.

Britaniýanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly Baş ilçisi Riçard Mur özüniň Twitter hasabyndan hüjümi ýazgaryp: “Gözel Gaziantepdäki elhenç hüjümde ýogalan adamlaryň maşgalalaryna gynanç, ýaralanan adamlara bolsa şypa dileýärin. Bu terrorçylykly hüjümi we soňky döwürde guralan PKK-nyň ähli hüjümlerini ýazgarýaryn” diýip belledi.

 Fransiýanyň Prezidenti Fransua Olland Gaziantepde guralan terrorçylykly hüjümi ýazgarýandygyny belledi. Ýeliseý köşgünden berilen ýazamaça beýanatda: “Prezident düýn agşam toý dabarasynda azyndan 50 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan hyýanatçylykly hüjümi berk ýazgarýar. Fransiýa hökmünde türk resmilerine we türk halkyna gynanç bildirýäris. Terrora garşy söweşýän ähli tarapyň ýanyndadyrys” diýip nygtaldy.

Russiýanyň döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin Gaziantepdäki hüjüm bilen baglanşykly Prezident R.T. Erdogana gynanç bildirdi.

Kremlden berilen beýanata görä Russiýanyň döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin Gaziantepdäki hadysanyň halkara jemgyýetiň terrora garşy göreşde güýçlerini birikdirmegi gerekdigi ýatladandygy bellenip, türk hyzmatdaşlarymyz bilen terrora garşy göreşde hyzmatdaşlygyny ähli uğurda ösdürmäge taýardyklaryny mälim etdi.

Gresiýanyň Daşary işler ministrligi Gaziantepde guralan terrorçylykly hüjümi ýazgarýandyklaryna ünsi çekdi.

Ministrligiň Twitter hasabyndan berilen beýanatda: “Terrora garşy göreşde türk halkynyň ýanyndadyrys” diýildi.

Iordaniýanyň resmi habarlar gullugy Petrada çap edilen Iordaniýanyň hökümetiniň metbugat geňeşçisi Muhammed Al-Mumeniniň beýanatynda: “Gaziantepdäki toý mekanynyň nyşana alynyp guralan hüjümi ýazgarýarys” diýilýär.

Hüjümiň mundan başgada sebitiň ýurtlarynyň we halkara jemgyýetiň terror guramalaryna garşy göreşde gol-gola berip göreşmegiň zerurdygyny görkezendigi beýanatda üns çekildi.

Beýanatda Iordaniýanyň terrora garşy göreşde Türkiýäniň ýanyndadygyny, türk hökümetine gynanç bildirilýändigi we ýaralanan adamlaryň tiz wagtda sagalmaklary dileg edilýändigi bellendi.

Bahreýniň Daşary işler ministrliginiň Bahreýn habarlar gullugy BNA-da çap edilen beýanatynda terrorçylykly hüjümde Türkiýäniň howpsyzlygynyň we durnuklylygynyň nyşana alynandygy habar berildi.

Kataryň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda Türkiýe Respublikasyna we halkyna goldaw berýändigi we ýurdunyň howpsyzlygyny we audalygyny goramak üçin edilýän tagallalara goldaw berýändikleri mälim edildi.

Şwesiýanyň Daşary işler ministri Margot Wallström Gaziantepdäki hüjümi berk ýazgarýandygyny belläp: “Türkiýe bilen terrora garşy ähli hyzmatdaşlyga taýardyrys” diýip belledi.



Degişli Habarlar