“CIA-iň 13 ýolbaşçysy 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyna goldaw berdi”

Trump Türkiýedäki agdarlyşyk synanşygy hakynda täsin garaýşy orta atdy

555377
“CIA-iň 13 ýolbaşçysy 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyna goldaw berdi”

ABŞ-da Respublikan partiýanyň adyndan noýabr aýynda geçiriljek prezident saýlawynda dalaşgärlige hödürlenen Donald Trump, Türkiýedäki agdarlyşyk synanşygy hakynda täsin garaýşy orta atdy.

Trump Twitter arkaly beren  “CIA-iň 13 ýolbaşçysy 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyna goldaw berdi”diýen ýüzlenmesini gysga wagt soň öçürdi.

Trump ýüzlenmesinde “CIA-iň ýokary derejeli 13 ýolbaşçysynyň Türkiýede başa barmadyk agdarlyşyk synanşygyna ýardam berendigini görkezýän subutnamalarymyz bar. Öňümizdäki günleri olaryň adyny paş ederin” diýip ýazdy.

Gysga wagt soň öçürlen bu ýüzlenmä ýer beren Daily Lowanyň habarçysy Rebejja Morin hem degişli ýazgysyny öçürdi.

 

 

 



Degişli Habarlar