Müsüriň hökümetiniň resmisi Türkiýe gatnaşyklary barada CBC kanalyna beýanat berdi

Müsüriň Daşary işler ministrliginiň resmisi Türkiýe bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin ediljek tagallalara hoşallyk bildirýändiklerini belledi

552028
Müsüriň hökümetiniň resmisi Türkiýe gatnaşyklary barada CBC kanalyna beýanat berdi

Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Ahmed Abu Zeýd Müsüriň CBC kanalyna beren interwýusynda: “Türkiýe bilen halkara kanunlar, gowy goňşuçylyk gatnaşyklary we özara hyzmatdaşlygyň çäginde ýakynlaşmagy maksat edinýän tagallalara hoşallyk bildirýäris” diýip nygtady.

Müsür bilen Türkiýe gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýynyň tebigy däldigini aýdan Abu Zeýd ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň Müsüriň halkynyň ygtyýaryna hormat goýmak ýörelgesiniň çäginde ösdürilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň Russiýa guran sapary bilen sebit bilen gatnaşyklarda täze sahypa açmak islegini görendiklerini bellän Abu Zeýd Türkiýäniň Müsür babatynda beren beýanatlarynyň hem şol çäkde teswirleýändiklerini habar berdi.



Degişli Habarlar