Peşmerge güýçleri DAEŞ-e garşy operasiýa başlatdy

Yrakda Peşmerge güýçleri terror guramasy DAEŞ-iň gözegçiligi astynda bolan Mosul şäheriniň Hazyr diýilen ýerine garşy giň-gerimli operasiýa başladyp, golaýdaky 4 obany basyp aldy

551694
Peşmerge güýçleri DAEŞ-e garşy operasiýa başlatdy

Operasiýa köp sanda Peşmerge güýjiniň agyr ýaraglar bilen gatnaşýandygy bellenip, sebitde dowam edýän operasiýada häzirki wagta çenli Kerkeşe, Ebzah, Keýretah we Tyl Hamid obalarynyň DAEŞ-den yzyna basylyp alynandygy habar berildi.

Halkara hyzmatdaş güýçlerine degişli harby uçarlaryň hem operasiýa goldaw berýändigi, çaknyşyklaryň güýçli ýagdaýda dowam edýändigi we şol sebäpli ýaralanan we ýogalan adamlaryň anyk sany barada maglumatyň ýokdygy mälim edildi.



Degişli Habarlar