Ýapon Imperator tagtyndan çekilýär

Imperatoryň wezipesinden çekilmegi üçin kanuny üýtgetmeler girizilmeli

547695
Ýapon Imperator tagtyndan çekilýär

 

Ýaponiýanyň 82 ýaşyndaky Imperatory Akihito telewideniýe arkaly halka ýüzlenip eden çykyşynda ýaşy we saglyk ýagdaýy sebäpli wezipesini dowam etdirip bilmejekdigini we tagtyndan çekilmek isleýändigini aýtdy.

Ýaponiýanyň kanunlara görä Imperatoryň wezipesinden çekilmegi üçin kanuny üýtgetmeler girizilmeli.

Ýaponiýanyň Premýer ministri Şinzo Abe imperatoryň wezipesinden çekilmegi hakyndaky islegine hökümetiň üns berjekdigini aýtdy.

Akihito tagtyndan çekilen halatynda tagta 56 ýaşyndaky ogly mirasdar Şazada Naruhitonyň oturmagyna garaşylýar.

Ýaponiýada soňky gezek 1817-nji ýylda İmperator Koukaku öz islegi bilen tagtyndan aýrylypdy.

Akihito kakasy İmperator Hirohitonyň 1989-njy ýyolyň 7-nji ýanwarynda ýogalmagy sebäpli 55 ýaşynda tagta çykypdy.


Etiketkalar: #Imperator , #tagt , #Ýaponiýa

Degişli Habarlar