Dünýädäki bosgunlaryň 40 göterimi Arap ýurtlaryndan…

Çaknyşyklar sebäpli 65 million adam bosgun ýagdaýyna geldi

544300
Dünýädäki bosgunlaryň 40 göterimi Arap ýurtlaryndan…

 

BMG-nyň Bosgunlar ýokary komisarlygynyň Ýakyn Gündogardan we Demirgazyk Afrikadan jogapkär müdüri Emin Awad, dünýäde bosgunlaryň sanynyň gün saýyn köpelýändigini we şol bosgunlaryň 40 göteriminiň Arap ýurtlaryndandygyny aýtdy.

Arap ligasynda göç meselesine garalan maslahatda söz sözlän Awad, “Dünýäde her gün 51 müň adam bosgun ýagdaýyna gelýär we şolaryň 40 götermi Siriýanyň we Yragyň başda durmagynda Arap ýurtlaryndan” diýdi.

Awad dünýäde çaknyşyklaryň dowam edýändigi sebäpli 65 million adamyň bosgun ýagdaýyna gelendigini belledi.

BMG-nyň Bosgunlar ýokary komisarlygynyň habarnamasyna görä, 7,4 milliard ilata eýe bolan dünýäde her 113 adamdan biri başpenalyk üçin ýüz tutýar ýada öýsüz galýar.



Degişli Habarlar