Russiýada ýurduň döwlet ýolbaşçysyna tabyn boljak milli gwardiýa dörediler

Russiýada 2018-nji ýylda ýurduň döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putiniň tabynlygynda boljak 340 müň adamdan ybarat bolan milli gwardiýa dörediler

543279
Russiýada ýurduň döwlet ýolbaşçysyna tabyn boljak milli gwardiýa dörediler

Russiýanyň Milli gwardiýa toparynyň täze serkerdesi Wiktor Zolotow Interfaks habarlar gullugyna beren beýanatynda 340 müň adamdan ybarat boljak harby topary döretmek üçin şu ýylyň ahyryna çenli Içeri işler ministrliginden, ýöriteleşdiilen harby goşundan, harby howa güýçlerden we beýleki edaralardan alynjak güýçleriň tamam boljakdygyny mälim etdi.

Zolotow: “2-nji etapda ýagny 2017-nji ýylyň awgusta aýyna çenli Milli gwardiýa toparynyň çägi, wezipesi we hukuk taýdan normalary kesgitlener. Iň soňunda bolsa ýagny 3-nji etapda 2018-nji ýyla çenli Milli gwardiýa topary ýeke täk meýilnamanyň üsti bilen hereket eden howpsyzlyk güýjüne öwrüler” diýdi.

Russiýanyň döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putine gönüden-göni tabyn boljak harby we graždan işgärlerden ybarat boljak Milli gwardiýa topary şu ýylyň aprel aýynda esaslandyrylmaga başlanypdy.

Putin ozal beren beýanatynda toparyň terror, guramaçylykly jenaýatlar we ýarag söwdasyny edýän toparlara garşy göreş alyp barmak üçon dörediljekdigini belläpdi.



Degişli Habarlar