Halap barrel bombasy bilen bombalandy

Hüjümde 10 adam ýogaldy

542072
Halap barrel bombasy bilen bombalandy

Siriýanyň ýaragly güýçlerine degişli dik uçarlaryň Halap şäheriniň Ensari etrapçasynda ýaşaýyş ýerlerini nyşana alan hüjüminde çagalar bilen zenanlar bilen birlikde 10 adam ýogaldy.

Barrel bombasy bilen guralan hüjümde 30 adam hem ýaralandy.

Hüjüm sebäpli köp sanly ýaşaýyş jaýy, iş ýeri we ulag ýandy.

Siriýanyň ýaragly güýçleri 4 ýyldan bäri Halap şäherinde oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky ýerleri skud roketalary, wakkum we barrel bombasy bilen bombalaýar.

Hüjümler sebäpli şäheriň infstrukturasy hatardan çykdy.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar