Germaniýada rasist topar bilen olara garşy bolan topar demonstrasiýa guradylar

Germaniýanyň paýtagty Berlinde rasist toparlar bilen olara garşy bolan toparlar demonstrasiýa guradylar

541589
Germaniýada rasist topar bilen olara garşy bolan topar demonstrasiýa guradylar

Merkezi otly bekedinde ýygnanan müňden gowrak aşa sagjylar Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeliň bosgun syýasatyny ptotest etdiler.

Yslama we bosgunlara garşy ýazgyly şygarlary ýanlary bilen getiren demonstrantlar “Germaniýany halamaýan Germaniýany terk etsin” diýip şygar aýtdylar.

Çykyşlardan soň ýöriş guran aşa sagjy topar "Merkel gitmeli" diýilen ýazgyly şygary açdylar.

Protest ýörişinde Gitleriň salamyny beren adam bolsa göz tussaglygyna alyndy.

Aşa sagjylaryň ýörişine garşy bolan ýüzlerçe adam bolsa "Aşa sagjy meçewler berilmesin" şygary bilen Berliniň merkezine ýygnandylar.

Giň-gerimli howpsyzlyk çäreler görülen demonstrasiýalarda jemi 700 polisiýa işgäri bardy.



Degişli Habarlar