Ýaponiýada pyçakly hüjüm guraldy

Wakada ilkinji kesgitlemelere görä 19 adam ýogaldy

537584
Ýaponiýada pyçakly hüjüm guraldy

Ýaponiýanyň paýtagty Tokionyň golaýyndaky Sagamihara şäherinde guralan pyçakly hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 19 adam ýogaldy.

Maýyplara hyzmat berýän desgalaryň birine giren hüjümçi şeýle hem 26 adamy ýaralandy.

Resmiler ýaralanan 20 adamyň ýagdaýynyň agyrdygyny mälim etdiler.

Hüjümçi wakadan soň günäsini boýun alyp polisiýa gullugynyň işgärlerine boýun egdi we göz tussaglygyna alyndy.

26 ýaşly hüjümçi maýyplara hyzmat berýän desganyň ozalky işgäri bolup çykdy.

Waka bilen baglanşykly derňew işi başladyldy.



Degişli Habarlar