Eýran Saud Arabystanynda ýogalan eýranlylar üçin kompensasiýa isledi

Eýran sentýabr aýynda Käbedäki kran heläkçiliginde  we Minadaky dyknyşykda ýogalan eýranlylar üçin Saud Arabystanyndan kompensasiýa isledi

529993
Eýran Saud Arabystanynda ýogalan eýranlylar üçin kompensasiýa isledi

Eýranyň resmi habarlaar gullugy IRNA beýanat beren Eýranyň Haj we zyýarat guramasynyň başlygy Said Ohedi Saud Arabystanynyň resmileri bilen mesele bilen baglanşykly gepleşikleri geçirýändiklerini habar berdi.

Ohedi: “Saud Arabystanynyň Haj ministri bilen geçiren gepleşiklerimizde kran wakasynda şehit bolanlar üçin haj möwsüminden ozal, Minada ýogalan eýranlylar üçin bolsa haj möwsüminden soň kompensasiýa berjekdigini aýdypdy, emma häzirki wagta çenli hiç ýurda kompensasiýa berilmedi” diýdi.

Kran heläkçiliginde we Minadaky dyknyşykda ýogalan adamlar üçin yslam hukugyna görä kompensasiýanyň we gan pulunyň berilmelidigini aýdan Ohedi Saud Arabystan tarapyna kompensasiýa babatynda beren sözünde durmkalaryna çagyrdy.

Mekkede 2015-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Haram metjidindäki kranlaryň biriniň ýykylmagy netijesinde 107 adam ýogalypdy.

Ondan soň bolsa ýagny 2015-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Minada şeýtan daşlanan mahaly bolan dyknyşykda Saud Arabystanynyň resmileriniň beren habaryna görä 769 adam ýogaldy.

Eýran bolsa Minadaky wakada diňe özüniň 465 raýatynyň ýogalandygyny belläpdi.



Degişli Habarlar