Britaniýanyň täze Premýer ministri wezipesine başlady

Britaniýanyň täze Premýer ministri Tereza Meý wezipesine resmi ýagdaýda başlady

529059
Britaniýanyň täze Premýer ministri wezipesine başlady

Beýik Britaniýanyň 76-njy Premýer ministri hökmünde wezipäni Dewid Kamerondan düýn kabul eden 59 ýaşly Meýe Bukingem köşgünde täze hökümeti gurmak tabşyryldy. Şa zenany bilen takmynan 30 minut duşuşyk geçiren Tereza Meýe adamsy Filip Meý hem ýoldaşlyk etdi.

Britaniýanyň Şa zenany Ýelizawetta II-niň tagta çykanyndan bäri, ýagny 1952-nji ýylda bäri 13-nji Premýer ministr bolan Konserwator partiýasyndan Tereza Meý Margaret Tetçerden soň ýurduň 2-nji zenan Premýer ministri boldy.

Britaniýanyň täze hökümetiniň agzalary häzirlikçe aşakdakylardan ybarat:

Premýer ministr Tereza Meý

Maliýe ministri Filip Hammond

Daşary işler ministri Boris Ýohnson

Içeri işler ministri Amber Rudd

Goranmak ministri Mişel Fallon

Halkara söwda ministri Liam Foks

Ýewropa Bileleşiginden çykmak ministri Dewid Dawis



Degişli Habarlar