Pakistanly ýoksullar we ýetimler Edhi üçin ýas tutýar

Abdulsettar Edhiniň ýogalmagy Pakistanyň halkyny esasan hem ýetimleri gynandyrdy

526463
Pakistanly ýoksullar we ýetimler Edhi üçin  ýas tutýar
Abdulsettar Edhi vefat.jpg

Pakistanly ýoksullaryň we ýetimleriň atasy hökmünde tanalýan haýyrsöýer Abdulsettar Edhi 88 ýaşynda ýogaldy.

Edhiniň 1949-njy ýylda 50 dollar bilen açan gaznasy şu gnki günde Pakistanyň iň uly haýyr sahawat guramasy ýagdaýyna geldi.

Edhi üçin düýn Karaçi şäherinde resmi çäre guraldy.

Çärä Pakistanyň Prezidenti Memnun Hüseýin we Baş ştabyň başlygy Rahil Şerif bilen birlikde müňlerçe adam gatnaşdy.

Hossarsyzlaryň atasy hökmünde bilinýän Abdulsettar Edhi ýoksul maşgalanyň perzendi hökmünde dünýä inýär.

Kiçi ýaşda söwda satyk işlerine başlan Edhi hassa ejesine seredýärdi.  Günlerden bir gün Edhiniň ejesiniň ýagdaýy agyrlaşýar emma ejesini hassahana alyp gitmek üçin tiz kömek ulagyny tapyp bilmändigi üçin Edhi ejesini ýitirýär.

Abdulsettar Edhi şol günden soň ömrüni ýoksullara we ýetimlere bagyşlaýar. 50 dollar bilen açan gaznasy şu günki günde Pakistanyň iň uly ynsanperwer kömek guramalaryndan biri boldy.

1800 tiz kömek ulagy bilen halka hyzmat edýän haýyr sahawady halaýan Edhi halk tarapyndan Pakistanyň göwni baý garyp adamy hökmünde bilinýärdi.

Abdulsettar Edhiniň ýogalmagy Pakistanyň halkyny esasan hem ýetimleri gynandyrdy.

Karaçide 2 otagly sada öýde ýaşaýan Edhi üçin 1 günlük milli ýas yglan edildi.

Edhi Gandi parahatçylyk baýragy, UNESJKO-nyň Madamžet Sinh baýragy, London parahatçylyk baýragy we Seul baýragy bolmak bilen halkara derejesinde birnäçe baýraga laýyk görlüpdi.

 


Etiketkalar: #ýas tutmak , #hossar , #ýetim

Degişli Habarlar