Taýwanda Nepartak atly tupan sebäpli 2 adam ýogaldy

Taýwanda täsirli bolan we Nepartak ady berilen tupan sebäpli 2 adam ýogaldy, 72 adam ýaralandy

525753
Taýwanda Nepartak atly tupan sebäpli 2 adam ýogaldy

Tupan sebäpli sebitiň 15 müňden gowrak ýaşaýjysy howpsyz ýerlere göçürildi.

Esasan hem Kaohsiung şäheriniň 20 km gündogaryna öz täsirini ýetiren tupanyň tizligi sagatda 163 km çenli baryp ýetýär.

Resmiler orta derejedäki tupanlar kategoriýasyna degişli Nepartak atly tupanyň Hytaýyň Fužiaz şäherine tarap ýol alyp biljekdigini belleýärler.


Etiketkalar: #tupan , #Taýwan , #Hytaý , #tizlik

Degişli Habarlar