Owganystanda Talibana garşy operasiýa geçirildi

Taliban tarapyndan berilen beýanatda bolsa operasiýada 9 howpsyzlyk güýjiniň öldürilendigini belledi

523237
Owganystanda Talibana garşy operasiýa geçirildi

Owganystanyň demirgazyk-gündogaryndaky Badahşan welaýatynyň Ragistan etrabynda Talibana garşy geçirilen operasiýada 25 başbozar öldürildi, 15 başbozar ýaralandy.

Öldürilen başbozarlaryň arasynda guramanyň sebitden jogapkär ýolbaşçylarynyň käbiriniň hem bardygy habar berildi.

Geçirilen operasiýanyň netijesinde 12 başbozaryň ýaraglary bilen birlikde howpsyzlyk güýçlerine boýun egendigi malim edildi.

Taliban tarapyndan berilen beýanatda bolsa operasiýada 9 howpsyzlyk güýjiniň öldürilendigini belledi.



Degişli Habarlar