Britaniýada jynsparaz hüjümler artdy

BMG Brtitaniýanyň ÝB-den çykmak barada referendum geçireninden soň rasistik hüjümleriň we daşary ýurt duşmanlygynyň artmagynyň alada döredýändigini bildirdi

520059
Britaniýada jynsparaz hüjümler artdy

BMG-nyň Adam hukuklarynyň Ýokary komissary Zeýd Raad Al-Hüseýin mesele bilen baglanşykly beren beýanatynda: “Soňky birnäçe günde Beýik Britaniýada azlyklaryň we daşary ýurtlylaryň nyşana alynyp guralan hüjümler örän aladalandyrýar” diýdi.

Jynsparazlygyň we daşary ýurt duşmanlygynyň kabul edilip bilinjek zät däldigine ünsi çeken Hüseýin iňlis resmilere azlyklara we daşary ýurtlylara garşy guralýan hüjümleriň öňüniň alynmalydygyny belledi.



Degişli Habarlar