Germaniýada müňlerçe adam rasizmi protest etdi

Paýtagt Berlindäki protest ýörişe takmynan 9 müň adam gatnaşdy

514227
Germaniýada müňlerçe adam rasizmi protest etdi

Germaniýanyň Kärdeşler arkalaşygy Bileleşigi, Protestant buthanasy, Musulmanlar Merkezi geňeşi we Halkara günä geçişlik guramasy bilen sosial ugurda iş alyp barýan jemgyýetçilik guramalarynyň insiatiwalary bilen Berlin, Mýunhen, Gamburg we Leýpsig şäherleri başda bolmak bilen ýurduň ençeme şäherinde “Rasizme garşy gol-gola” şygary bilen protest ýörişler guradylar.

Paýtagt Berlindäki protestlerde protestçiler Kroýsberg etrapçasyndaky bosgunlaryň galýan umumy ýaşaýyş jaýyndan Berliniň şäher häkimliginiň binasyna çenli gol-gola berip ýörediler.

Protest ýörişe gatnaşan adamlar “Adam hukuklary we tapawutlylyk üçin”, “Ähli adam deňdir” we şuňa meňzeş ýazgyly şygarlary göterdiler.

Paýtagt Berlindäki protest ýörişe takmynan 9 müň adam gatnaşdy.

Ýurduň beýleki şäherlerinde hem şular ýaly protest ýörişler guraldy.



Degişli Habarlar