Orlandonyň hüjümçisi Ömer Metiniň aýalynyň şu gün kazyýet diňlenşigi bolar

Amerikanyň Florida ştatynyň Orlando şäherindäki gije klublarynyň birinde 49 adamy öldüren Ömer Metiniň aýaly Nur Salmanyň hüjümden ozal hüjümiň guraljakdygy barada habarynyň bardygy öňe sürülýär

512032
Orlandonyň hüjümçisi Ömer Metiniň aýalynyň şu gün kazyýet diňlenşigi bolar

Ömer Metiniň aýaly Nur Salmanyň şu gün kazyýet diňlenşigi bolar.

Derňew işlerini alyp barýan resmiler hüjümçä şäriklik eden we kömek beren başgada adamlaryň bolup biljekdigini belleýärler.

Federal derňew býurosyndan alynan maglumatlara görä Nur Salmanyň adamasyn saklamak üçin hiç hili hereket etmändigi we adamasyny ulag bilen azyndan 1 gezek hüjümiň guralan ýeri bolan kluba alyp gidendigi habar berilýär.

Salmana garşy 49 jenaýat işini ýerine ýetirmäge kömek bermek, 53 adama şikes ýetirmek we hüjümi degişli ýerlere habar bermezlik ýaly kazyýet işleri boýunça aýyplanar.



Degişli Habarlar