Amerikaly musulmanlar hüjüme berk garşylyk görkezýär

Amerikanyň yslam ylymlary geňeşi hem hüjümi berk ýazgarýandyklaryny mälim etdi

509551
Amerikaly  musulmanlar hüjüme berk garşylyk görkezýär

ABŞ-da guralan gan döküşikli hüjüme amerikada ýaşaýan musulmanlar berk garşylyk görkezýär.

Musulman jemgyýetleriň wekilleri yzly yzyna beýanat berip hüjüme çuňňur gynanç bildirýändiklerini mälim etdiler.

ABŞ-da ýaşaýan musulmanlaryň iň uly guramasy bolan Musulman guramaçylyklary geňeşi tarapyndan berlen beýanatda “Dinine, reňkine ýada jynsyna garamazdan hüjüme sezewar bolan adamlara goldaw berýäris we bu hyýanatçylykly hüjümi berk ýazgarýarys” diýildi.

Amerikanyň yslam ylymlary geňeşi hem hüjümi berk ýazgarýandyklaryny mälim etdi.

Beýanatda yslam dininiň şuňa meňzeş radikal hereketlere asla goldaw bermeýändigine üns çekildi.

 



Degişli Habarlar