Mawi Marmara şehitleri Gazada hatyralandy

“Şu gün Palestina we Gaza goýlan gabawyň ortadan aýrylmagy üçin ýogalan Mawi Marmara şehitlerini hatyralamak üçin bu ýere geldik”

501185
Mawi Marmara şehitleri Gazada hatyralandy

Ysraýylyň Mawi Marmara gämisinde 2010-njy ýylda guran hüjüminde ýogalanlar üçin Gazada hatyralama çäresi geçirildi.

Ynsanyň hukuklary we azatlyklary ynsanperwer kömek gaznasy tarapyndan hüjümiň 6-njy ýylynda Gaza portundaky Mawi Marmara ýadigärliginde hatyralama çäresi geçirildi.

Palestinaly çagalar çärä Palestinanyň we Türkiýäniň baýdaklary bilen birlikde gämide ýogalanlaryň fotosuratlary bilen gatnaşdy.

Gaznanyň Gazadaky bölüminiň müdüri Mehmet Kaýa; “Şu gün Palestina we Gaza goýlan gabawyň ortadan aýrylmagy üçin ýogalan Mawi Marmara şehitlerini hatyralamak üçin bu ýere geldik” diýdi.

Mawi Marmaranyň dünýädäki musulman halklaryň birleşmesiniň simwolydygyny aýdan Kaýa, “Şehit bolan türk doganlarymyz, Ysraýyl tarapyndan Gaza goýlan gabawy ortadan aýyrmak üçin dünýäden ötdi”diýip belledi.

Kaýa palestinaly toparlara Palestinyň azatlygy üçin milli jebislik çagyryşyny berdi.

 



Degişli Habarlar