Yrakda 70 terrorçy öldürildi

Felluje 2014-nji ýyldan bäri terror guramasy DAEŞ-iň gözegçiligi astynda

499530
Yrakda 70 terrorçy öldürildi

Yragyň Felluje şäheriniň terror guramasy DAEŞ-den yzyna alynmagy üçin guralýan operasiýalaryň çäginde guramanyň serkerdeleri bilen birlikde 70 terrorçy öldürildi.

Fellujeniň yzyna alynmagy üçin  guralýan operasiýalarda Yragyň ýaragly güýçlerine ABŞ-nyň ýolbaşçylyk etmegindäki hyzmatdaş güýçleri hem goldaw berýär.

Amerikaly serkerde Stew Warren soňky 4 günde hyzmatdaş güýçlerine degişli uçarlaryň 20 howa hüjümini gurandygyny aýtdy.

Şäherde asuda ilatyň ýitgi çekmezligi üçin ünsli çemeleşilýändigini aýdan Warren, halka uçarlar arkaly duýduryş berlendigini nygtady.

Felluje 2014-nji ýyldan bäri terror guramasy DAEŞ-iň gözegçiligi astynda.

Yragyň ýaragly güýçleri geçen aýlarda hem Ramadi şäherini DAEŞ-den yzyna alypdy.

 



Degişli Habarlar