Uly ýitgiler çekýän Eýran Siriýadan çekilýär

Siriýada uly ýitgiler çekýän eýranly esgerler ýurduna gaýdyp barýarlar

488471
Uly ýitgiler çekýän Eýran Siriýadan çekilýär

Eýranly talyplar habarlar agentligi Ynkylap goragçylarynyň metbugat geňeşçisi Hüseýin Ali Ryzaýy Siriýa ugradylan 25-nji Kerbela harby bölüminiň esgerleriniň sebitden aýyrlyp ýurda gaýdyp gelýändigini habar berdi.

Halapyň günortasyndaky Han Tuman etrapçasynda bolan çaknyşyklarda ýogalan esgerleriň 12-siniň jesediniň oppozisionerleriň elindedigini we sebitdäki dowam edýän çaknyşyklar sebäpli olary alyp bilmändiklerini bellän Ryzaýy bejergisi dowam edýän 21 esgeriň 9-nyň ýurda gelendigini mälim etdi.

Han Tumanyň günbatarynda Asada bagly güýçler bilen oppozisioner Fetih goşunynyň arasynda anna güni ýüze çykan çaknyşyklardan soň Han Tuman dolulygyna Fetih goşunynyň gözegçiligi astyna geçdi.

Çaknyşyklarda Asada bagly güýçler we eýranly esgerler uly ýitgiler çekdi.

Ynkylap goragçylary çaknyşyklarda aralarynda ýokary çinli 2 serkerde bolmak bilen jemi 15 eýranly esgeriň ýogalandygyny aýtsada oppozisioner çeşmeler 50-den gowrak eýranly esgeriň öldürilendigini öňe sürdi.

Eýran mediasy wakany “Pajygaly waka” hökmünde häsýetlendirdi.

Asada bagly güýçleriň Halapda ýola goýulan ylalaşyga garamazdan guraýan hüjümlerini görmediksireýän eýranly resmiler Siriýadaky oppozisioner toparlaryň döreden Fetih goşunynyň Halapdaky ylalaşygy bozandygyny, şol sebäpli Asada bagly güýçleriň we hyzmatdaşlarynyň uly ýitgiler çekendigini öňe sürýär.



Degişli Habarlar