Liwiýanyň suw giňişliginde gaýyk batdy

84 adam entege çenli tapylmady

481827
Liwiýanyň suw giňişliginde gaýyk batdy

Liwiýanyň suw giňişliginde gaýygyň batmagy netijesinde 84 adam dereksiz ýitdi.

Italiýanyň Kenarýaka howpsyzlyk gullugy diňe 26 adamy halas edip ýetişendiklerini habar berdi.

Anna güni agşam Liwiýadan ýola çykan gaýyk bolmalysyndan birnäçe esse köp adam bortyna aldy.

Kenardan gowy uzaklaşylanda gaýygy suw almaga başlady.

Kömege golaýdan geçip barýan gämi ýetişdi.

Deňizden 26 adam halas edildi. Halas edilenler Lampedusa adasyna alynyp gidildi.

Italiýanyň Kenarýaka howpsyzlyk gullugy wakada 84 adamyň dereksiz ýitendigini mälim etdi.

Halkara Bosgun guramasynyň berýan hasabatyna görä şu ýyl deňiziň üsti bilen Ýewropa 181 müň adam girdi, 1 müň 232 adam bolsa ýolda ýogaldy.



Degişli Habarlar