Mewlüt Çawuşogly Saud Arabystanynda saparda bolýar

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Saud Arabysanynyň paýtagty Riýada bardy

477118
Mewlüt Çawuşogly Saud Arabystanynda saparda bolýar

Jiddeden soň Riýada geçen Mewlüt Çawuşogly ilki bilen Saud Arabystanyň Şasy Selman Bin Abdulaziz Al Saud tarapyndan kabul edildi.

Çawuşogly Şa Selman bilen duşuşanyndan soň kärdeşi Adil Al Jübeýr bilen duşuşdy.

Duşuşykda Siriýa krizisiniň çözgüdi üçin ediljek işler ara alynyp maslahatlaşyldy.

Iki kärdeş iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň güýçlendirilmegi barada hem pikir alyşdylar.

Çawuşogly mundan başgada Saud Arabystanynyň ozalky Daşary işler ministri Saud Al Faýsalyň ýädygärligine bagyşlanyp geçirilýän maslahata gatnaşar.



Degişli Habarlar