Jon Kerri Jewad Zarif bilen duşuşdy

Kerri bilen Zarif ýadro şertnamasynyň durmuşa geçirliş etaby hakynda pikir alyşdy

476598
Jon Kerri Jewad Zarif bilen duşuşdy

 

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Pariž klimat şertnamasyna gol goýmak üçin Nýu Ýorka giden Eýranyň Daşary işler ministri Jewad Zarif bilen duşuşdy.

Bir hepdäniň içinde ikinji gezek duşuşan Kerri bilen Zarif ýadro şertnamasynyň durmuşa geçirliş etaby hakynda pikir alyşdy.

Jon Kerri Eýranyň ýadro maksatnamasy sebäpli goýlan embargolary ortadan aýyrandyklaryny nygtady.

Kerri “Daşary ýurtly banklaryň Eýran bilen söwda etmekleri üçin täze pursatlar bar” diýdi.

Daşary ýurtly käbir banklaryň Eýran meselesinde henizem ikirjiňlidiklerini aýdan Jon Kerri şol banklara Eýran meselesinde has ynamly bolmaklary üçin Amerikanyň Gazna ministrligi bilen gepleşik geçirmeklerini maslahat berdi.

Eýranyň Daşary işler ministri Zarif hem ýurdunyň ýadro şertnamasy meselesinde öz üstüne düşýän jogapkärçiligini ýerine ýetirendigini belledi.



Degişli Habarlar