Asada bagly güýçler Halapa hüjüm gurady

Howa hüjüminde 3 adam ýogaldy

476515
Asada bagly güýçler Halapa hüjüm gurady

Wakada 3 adam ýogaldy

Asada bagly güýçleriniň Halapyň Anadan etrabynda ýaşaýyş ýerilerine guran howa hüjüminde 3 adam ýogaldy.

Raýat goranyş gullugynyň resmilerinden alynan maglumata görä Asada bagly güýçlere degişli dik uçaryň ýaşaýyş ýerlerini bombalamagy netijesinde şeýle hem 15 adam ýaralandy.

Hüjümiň netijesinde sebitde ýangyn ýüze çykdy.

Beýleki tarapdan Asada bagly güýçlere degişli MIG-23 harby uçary ýere gaçdy.

Russiýanyň Interfaks habarlar gullugy uçaryň tehniki näsazlyk sebäpli ýere gaçandygyny belleýän bolsa, terror guramasy DAEŞ uçaryň özleri tarapyndan ýere gaçyrylandygyny öňe sürýär.

DAEŞ uçaryň uçarmanynyň öz ellerindedigini nygtaýar.

Siriýa Adam hukuklary guramasy hem uçaryň Damaskyň günortasynda DAEŞ-iň gözegçiligi astyndaky sebite gaçandygyny belledi.


Etiketkalar: #howa hüjümi , #Siriýa

Degişli Habarlar