Malaýziýada “Aziýanyň Goranyş Hyzmatlary” sergisi açyldy

Türkiýe sergä Goranmak ministrliginiň we dürli hususy firmalarynyň paionlary bilen gatnaşýar

473025
Malaýziýada “Aziýanyň Goranyş Hyzmatlary” sergisi açyldy

60 ýurtdan 1200-e golaý firmanyň gatnaşmagyndaky sergi 21-nji aprele çenli Bütindünýä söwda merkezinde dowam eder.

Malaýziýanyň Goranmak ministri Hişamuddin Hüseýin Halkara Stokgolm Parahatçylyk Şertnamalary İnstitutlary tarapyndan çap edilen 2015-nji ýyldaky habarnamasyna görä Aziýa we Okeaniýa sebitlerindäki ýurtlarda ýaraglanmanyň 5,4 göterim artandygyny aýtdy.

Goranmak ministri Hişamuddin onuň sebitde ýerleşýän ýurtlaryň howpsyzlyk baradaky aladalaryny görkezýändigine ünsi çekip: “Garaşylmadyk wakalara taýarlykly bolunmaly" diýdi.



Degişli Habarlar