Siriýada parlament saýlawy geçirildi

Oppozisionerler saýlawyň netijelerini ykrar etmeýär

470633
Siriýada parlament saýlawy geçirildi


Siriýada Asada tabynlykdaky güýçleriň gözegçiligi astyndaky ýerlerde oppozisionerleriň we günbatarly ýurtlaryň ykrar etmeýändigine garamazdan parlament saýlawy geçirildi.

Siriýanyň hökümeti saýlawyň konstitutsiýa laýyklykda geçirlendigini öňe sürýär, oppozisionerler bolsa saýlawyň netijelerini ykrar etmejekdigini nygtaýar.

ABŞ, Fransiýa we Germaniýa hem saýlawyň netijesini ykrar etmejekdiklerini mälim etdi, Russiýa bolsa Siriýadaky parlament saýlawynyň döwlet eýeçiligindäki edaradyr kärhanalaryň kadaly ýagdaýda işlemegini üpjün etjekdigini belleýär.

Siriýa parahatçylyk gepleşikleriniň täze tapgyry bolsa Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde başlady.

BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Steffan de Mistura Siriýaly oppozisionerleriň Ýokary gepleşik komitetiniň agzalary bilen duşuşdy.

De Mistura duşuşykdan soň beren beýanatynda Siriýadaky taraplaryň arasynda hüjümleriň bes edilmegi hakyndaky ylalaşygyň bozulmagynyň gepleşikleri bökdäp biljekdigi babatynda duýduryş berdi.

Gepleşiklerde ilkinji nobatda syýasy geçiş etaby, dolanşyk we konstitutsiýanyň täze tekstiniň taýarlanmagy meselesiniň seljeriljekdigini aýdan Mistura Siriýaly oppozisionerleriň Ýokary gepleşik komitetiniň agzalaryna Moskwada, Damaskda we Tähranda geçiren duşuşyklary hakynda maglumat berendigini aýtdy.


Etiketkalar: #saýlaw , #ykrar etmek , #Siriýa

Degişli Habarlar