Yslam geografiýasynda doganlaryň arasyndaky gowgalar sebäpli uly ýitgi çekilýär

Daşary işler ministri Çawuşogly yslam äleminiň jebislikde we bitewilikde hereket etmelidigini nygtady

469560
Yslam geografiýasynda doganlaryň arasyndaky gowgalar sebäpli uly ýitgi çekilýär

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Yslam geografiýasynda doganlaryň arasyndaky gowgalar sebäpli uly ýitgi çekilýändigini aýtdy.

Daşary işler ministri Çawuşogly Stambulda kongres merkezinde geçirilýän Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň daşary işler ministrleri geňeşiniň maslahatynda gurama agza ýurtlaryň wekillerine ýüzlenip çykyş etdi.

Çawuşogly çykyşynda “Messep ummatymyzy bölýär. İçerki uruşlar we ýaragly çaknyşyklar parahatçylygymyza we asudalygymyza howp salýar. Terrorçylar we aşa akymlar durnuklylygymyzy nyşana alýar. Netijede musulmanlar uly ýitgi çekýär. Bu ýagdaýy kabul edip bilmeris"diýdi.

Daşary işler ministri Çawuşogly yslam äleminiň jebislikde we bitewilikde hereket etmelidigini nygtady.

57 agzaly Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň 13-nji maslahaty şu ýyl 14-15-i aprelde Stambulda geçirler.

“Adalat we parahatçylyk üçin jebislik we arkalaşyk" temasy bilen geçiriljek maslahatda yslam dünýäsiniň başdan geçirýän howplary ara alnyp maslahatlaşylar.

Prezident R. T. Erdogan Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň 13-nji maslahatynyň açylyş çykyşyny eder.



Degişli Habarlar