Jon Kerri Bahreýinde saparda boldy

Kerri ABŞ bilen Pars Aýlag hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşdy

467137
Jon Kerri Bahreýinde saparda boldy

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Arap Ýarymadasyndaky kynçylyklaryň çözülmegi üçin Pars Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşi bilen NATO-nyň ýakyndan hyzmatdaşlyk etmelidigini aýtdy.

Jon Kerri Bahreýniň paýtagty Manamada geçirlen ABŞ bilen Pars Aýlag hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşdy.

Jon Kerri maslahatdan soň Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Adil Am Jebeýr bilen birlikde metbugata beýanat berdi.

Kerri ýurdunyň Pars aýlag ýurtlary bilen sebitara, howpsyzlyk we ykdysadyýet ýaly ugurlarda ýakyndan aragatnaşyk saklanmagyna uly ähmiýet berýändigini ýatlatdy.

Siriýada hüjümleriň wagtlaýyn bes edilmegi hakynda gazanylan ylalaşyga ünsli çemeleşýändigini aýdan Kerri, çözgüt üçin taraplaryň gepleşiklere ýaňadandan başlamalydygyny ýatlatdy.

Kerri gepleşikleriň Siriýanyn hökümetiniň, Russiýanyň we Eýranyň meselä bolan içgin çemeleşmesini hem subut etjekdigini belledi.

Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Jubeýr hem ABŞ bilen Pars Aýlag hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň maslahatynda resmi Waşingtonyň Pars Aýlag guramasyna agza ýurtlara guralyp bilinjek hüjümleriň öňüniň alynmagy meselesiniň seljerlendigini nygtady.



Degişli Habarlar