ABŞ Russiýanyň Eýrana uçar satuwyny weto eder

ABŞ Russiýanyň Eýrana “SÝ-30” kysymly harby uçar satuwyny BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşinde weto eder

465666
ABŞ Russiýanyň Eýrana uçar satuwyny weto eder

ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Syýasy gatnaşyklardan jogapkär orunbasary Tomas Şannon Senatyň Daşary gatnaşyklar komitetinde Eýran barada geçirilen maslahatda sözläň sözünde Eýranyň Russiýadan almak isleýän harby uçarlarynyň satuwynyň öňüni aljakdyklaryny aýtdy.

Şannon ABŞ-nyň BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşinde weto hukugyndan peýdalanjakdygyny nygtap: “Harby uçaryň satuwynyň tassyklanmagynyň öňüni alarys" diýdi.

Şannon üsümizdäki ýylyň ahyrynda möhleti gutarýan Eýrana goýulan sanksiýalaryň goýulmagy baradaky kanunyň möhletini uzaldyp biljekdiklerini hem aýtdy.

Russiýanyň Federal harby-tehniki hyzmatdaşlyk gullugy fewral aýynda beren beýanatynda Eýrana “SU-30" kysymly harby uçarlaryň satylmagy baradaky ylalaşyga ýylyň dowamynda gol çekişiljekdigini habar beripdi.



Degişli Habarlar