Italiýa ganhor şepagat uýasy barada gürrüň edýär
Hassahananyň reanimasiýa bölüminde işleýän şepagat uýasy 13 adamy öldürmek bilen günäkärlenýär
462963
Waka Italiýanyň günbataryndaky Toskana sebitiniň Piombino şäherinde boldy.
Şäheriň hassahanasynyň reanimasiýa bölüminde işleýän şepagat uýasy 13 adamy öldürmek bilen aýyplanýar.
55 ýaşyndaky şepagat uýasy tussag edildi.
Şepagat uýasynyň öz syrkawlaryna köp mukdarda gany suwgaldýan derman berendigi anyklandy.
Polisiýa ýogalan 60 ýaşyndan uly syrkawlaryň hassahanada ölüm howpy bolmaýan keseller sebäpli bejergi alandyklaryny mälim etdi.
Beýanatda jenaýatlaryň 2014-2015-nji ýyllarda edilendigi bellendi.
Italiýada şu aýyň başynda hem başga bir şepagat uýasy jenaýat edendigi sebäpli ömür boýy azatlykdan mahrum edilipdi.