Lahordaky hüjümlere dünýä berk reaksiýa görkezdi

Pakistanyň Lahor şäherindäki lunaparkda guralan we azyndan 69 adamyň ýogalan terror hüjümine dünýä ýurtlary berk garşylyk görkezdi

459561
Lahordaky hüjümlere dünýä berk reaksiýa görkezdi

BMG-niň baş Sekretary Pan Gi Mun terror hüjümini berk ýazgardy.

Terrorçylyga garşy Pakistanyň hökümetini goldaýandyklaryny beýan eden Pan Gi Mun, hökümeti ýurtdaky azlyklaryň howpsyzlygyny üpjün etmegi üçin degişli çäreleri görmäge çagyrdy.

ABŞ hem Pakistanyň Lahor şäherinde guralan hüjümi berk ýazgarýandygyny beýan etdi.

Hüjümiň “pespällik bilen guralandygyny" beýan eden Ak Tamyň Milli howpsyzlyk gullugynyň metbugat geňeşçisi Nid Pris, terrorçylygar garşy göreşde arkalaşyk etjekdiklerini aýtdy.

Pris terrory doly ýok etmek üçin Pakistan bilen bilelikde işleşmäge dowam etjekdiklerini nygtady.

Kanadanyň Premýer ministri Žustin Trudau bolsa “Pajygaly hüjümi ýazgarys" diýdi.



Degişli Habarlar