ABŞ: “PÝD-ni terror guramasy hökmünde görmeýäris”

ABŞ-nyň döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Mark Toner PÝD-ni terror guramasy hökmünde görmeýändiklerini ýene-de bir gezek beýan etdi

457202
ABŞ: “PÝD-ni terror guramasy hökmünde görmeýäris”

ABŞ-nyň döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Mark Toner PÝD-ni terror guramasy hökmünde görmeýändiklerini ýene-de bir gezek beýan etdi

Mark Toner gündelik metbugat ýygnagynda Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň Başlygy Mesut Barzaninin “Al Monitor" internet saýtyna beren beýanatynda: “PKK-nyň we PÝD-niň bir topardygyny, ABŞ-nyň hem ondan habarlydygy" baradaky sözlerine jogap hökmünde, iki guramanyň tapawutlydygyny we Siriýanyň demirgazygynda PÝD bilen işleşmäge dowam etjekdiklerini aýtdy.

Mark Toner: “PKK-ny terror guramasy hökmünde ykrar etmäge dowam edýäris. Muny ozalam beýan edipdik. Türk raýatlaryna guraýan terrorçylykly hüjümlerini ýazgarýarys" diýdi.

PÝD/ÝPG bilen bolsa Siriýanyň demirgazygynda işleşýändiklerini nygtan Toner: “PÝD ýa-da ÝPG bilen Siriýanyň käbir ýerlerinde, DAEŞ-e garşy göreşýän we DAEŞ-i gözegçilik edýän etraplaryndan çekilmäge mejbur edýän köp sanly topar bilen işleşişimiz ýaly işleşýäris" diýdi.

ABŞ-nyň döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Mark Toner Belgiýanyň paýtagty Brýusselde guralan terrorçylykly hüjümlerde pida bolanlaryň hormatyna ABŞ-da baýdaklaryň ýarysyna çenli aşakladylmagy barada bolsa onuň “ýasyň we sarpa goýmagyň" görkezijisidigini, emma başga ýurtlar üçin şol bir çemeleşmäniň edilmezliginiň sylaşyksyzlyk bilen düşündirilmeli däldigini öňe sürdi.



Degişli Habarlar