ÝB-ne agza ýurtlaryň liderleri ylalaşykdan hoşal

ÝB-ne agza ýurtlaryň liderleri ÝB bilen Türkiýäniň arasynda bosgunlar krizisiniň çözülmegi meselesinde gazanylan ylalaşykdan hoşal

453995
ÝB-ne agza ýurtlaryň liderleri ylalaşykdan hoşal

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel ylalaşyk doly durmuşa geçirlen halatynda bosgun akymynyň gözegçilik astyna alnyp bilinjekdigini aýtdy.

Britaniýanyň Premýer ministri Dewid Kameron hem “Bu krizisiň çözülmegi üçin ilkinji gezek dogry meýilnamamyz bar"diýip belledi.

Italiýanyň Premýer ministri Matteo Renzi hem “Çekeleşikli geçen gepleşiklerden soň ahyry ylalaşyk gazanyldy" diýdi.

BMG-nyň Bosgunlar boýunça ýokary komisarlygy tarapyndan berlen beýanatda bolsa bosgunlaryň hak-hukuklaryna uly ähmiýet berilýän ylalaşygyň durmuşa geçirliş etaby bilen ýakyndan gyzyklanyljakdygy bellenildi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy bolsa “ABŞ-nyň, ÝB-niň we Türkiýäniň arasynda gazanylan ylalaşygy aýgytly ädim hökmünde görýäris. Siriýadan gelen 2,7 million bosguny myhman alýan Türkiýäniň bosgunlar baradaky tagallalaryny takdyr edýäris" diýdi.



Degişli Habarlar