Fransiýada terrora garşy operasiýa guraldy

13-nji noýabrda paýtagt Parižde guralan hüjümlerde 130 adam ýogalypdy

452455
Fransiýada terrora garşy operasiýa guraldy


Fransiýanyň paýtagty Parižde hüjüm guramaga taýarlanýandygy öňe sürlen 4 adam göz tussaglygyna alyndy.

İçeri işler ministri Bernard Jazeneuwe Parižde hüjüm guramagy meýilleşdirýän kiçi topara garşy operasiýa guralandygyny habar berdi.

Operasiýada terror guramasy DEAŞ-yň agzasy 1 adamyň tussag edilmeginden soň şol adam bilen arabaglanşykly 3 adamyň hem göz tussaglygyna alynandygy nygaldy.

Fransiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri göz tussaglygyna alynanlardan biriniň zenandygyny mälim etdi.

Fransiýada ýanwar aýyndan bäri terrorçylykly hüjüm guramak üçin taýarlyk görýän 74 adam tussag edildi.

13-nji noýabrda paýtagt Parižde guralan hüjümlerde 130 adam ýogalypdy, 350 adam hem ýaralanypdy.

Hüjümlerden soň Fransiýanyň hökümeti ýurtda adatdan daşary ýagdaý yglan edipdi.



Degişli Habarlar