Hüjüme berk reaksiýa görkezilýär

“Bu hüjüm hemmämize guralandyr"

450194
Hüjüme berk reaksiýa görkezilýär


Ýewropa Geňeşiniň Baş sekretary Jagland paýtagt Ankarada guralan hyýanatçylykly hüjümiň Ýewropanyň gymmatlyklaryna guralandygyny aýtdy.

Jagland “Bu hüjüm hemmämize guralandyr" diýip belledi.

Jagland hüjüm sebäpli türk halkyna gynanç bildirdi.

Azerbaýjanyň Prezideni Ilham Aliýew Ankarada guralan terrorçylykly hüjümde ýogalanlar üçin Prezident R. T. Erdogana gynanç ýüzlenmesini ugratdy.

Aliýew ýüzlenmesinde “Terrorçylykly hüjüm sebäpli size we hüjümde ýogalanlaryň hossarlaryna, doganlyk türk halkyna öz adymdan we Azerbaýjanyň halkynyň adyndan uly gynanç bildirýärin we ýaralananlara şypa dileýärin" diýip belledi.

Hüjümi Russiýa hem ýazgardy.

Kremliň metbugat geňeşçisi Dmitri Peskow “Putin Ankaradaky terrorçylykly hüjümi berk näletleýär. Türk halky bilen birlikde ýas tutýar" diýdi.

Litýanyň Daşary işler ministri Linas Linkeiçius Twitter arkaly beren heýanatynda “Ankarada ýene-de gandöküşikli partlama boldy. Türkiýe terror howpyny başdan geçirýär we hyzmatdaşymyz Türkiýe goldaw bermelidiris" diýip ýazdy.

Britaniýanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly baş ilçisi Riçard Moore hüjümde ýogalanlar üçin gynaç bildirdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Jon Kirby Ankarada guralan hyýanatçylykly hüjümi ýazgardy we terrora garşy göreşde ýene-de bir gezek hyzmatdaşlyga ünsi çekdi.

Ýewropa Bileleşiginiň Daşary gatnaşyklardan we howpsyzlykdan jogapkär ýokary wekili Federika Mogerini bilen ÝB Komissiýasynyň giňelmekden jogapkär agzasy Ýohhanes Han “Global terror howpyna garşy göreş üçin halkara hyzmatdaşlygyň depginini güýçlendirmelidiris" diýdi.



Degişli Habarlar